22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara seredilip, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan meýillerini tassykladylar.