Baş Assambleýa,

hemmetaraplaýyn geljek üçin göz öňünde tutulan we adamlaryň bähbitlerini hasaba alýan köpugurly we durnukly ösüş babatda maksatlary hem-de wezipeleri özgertmäge gönükdirilen, 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Biziň dünýämizi özgertmek: 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibi» atly 70/1 belgili Kararnamasyny, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini doly amala aşyrmak üçin yzygiderli tagalla etmek baradaky borçnamasyny tassyklap, garyplygyň ähli görnüşleriniň, şol sanda aşa garyplygyň ýok edilmeginiň möhüm ählumumy wezipe hem-de durnukly ösüşiň zerur şertleriniň biri bolup durýandygyny hem-de durnukly ösüşi onuň ähli üç ugrunda — ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlarynda deňeçer we toplumlaýyn üpjün etmäge, şeýle hem ösüş babatda Müňýyllygyň jarnamasynda bellenen maksatlary durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri berkitmäge, olary gazanmak üçin kesgitlenen wagtda ýerine ýetirilmedik wezipeleri tamamlamaga ygrarlydygyny tassyklamak bilen,

energetika meselelerini çözmäge ylalaşykly, toplumlaýyn çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň we garyplygy ýok etmäge, durnukly ösüş babatda maksatlary gazanmaga aýratyn üns bermek bilen, durnukly ösüşiň bähbidine energetika ulgamynda ählumumy gün tertibindäki dürli meseleleriň özara üstüniň ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap,

energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi, onuň durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde eýeleýän orny baradaky 2008-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky 63/210 we 2013-nji ýylyň 17-nji maýyndaky 67/263 belgili Kararnamalaryna hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny barada 2023-nji ýylyň 19-njy dekabryndaky 78/149 belgili Kararnamasyna salgylanyp,

Baş sekretaryň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde eýeleýän orny» atly hasabatyny göz öňünde tutup,

şeýle hem 78/149 belgili Kararnama laýyklykda, durnukly ösüşi üpjün etmekde we içerki energetika serişdeleri çäkli bolan ýurtlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda energiýa birikmesiniň esasy ornuny göz öňünde tutmak bilen, ony pugtalandyrmak boýunça strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçirilen «Energetika özara baglanyşygyny gowulandyrmak: hyzmatdaşlyga goldaw bermek we durnukly ösüşi gazanmak» atly bilermenleriň halkara maslahaty baradaky gysgaça hasabaty nazara alyp,

ygtybarly we durnukly energetika baglanyşygynyň ýurtlaryň energiýa serişdelerini dürli ulgamlary we torlary ulanmak arkaly ibermek, üstaşyr geçirmek, gaýtadan işlemek hem-de saklamak ukybyna baglydygyna aýratyn üns bermek bilen,

energetika özara baglanyşygynyň durnuklylygynyň netijeliliginiň we ygtybarlylygynyň durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde tutuş halkara jemgyýetçiligiň bähbitlerine laýyk gelýändigini bellemek bilen,

energiýa serişdeleriniň dürli ulag ulgamlary arkaly halkara bazarlara çykarylmagyny üpjün etmek maksady bilen, ygtybarly we durnukly energetika baglanyşygyny gazanmagyň ýollaryny kesgitlemekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi zerur diýip hasaplap,

2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek prosesleriniň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini we berkidýändigini aýratyn belläp hem-de daşky gurşaw we ösüş boýunça Rio-de-Žaneýro Jarnamasynyň ýörelgelerini tassyklap,

Aýratyn ýagdaýdaky ýurtlar

ösüp barýan ýurtlaryň milli şertlerini, strategiýalaryny, özboluşly zerurlyklaryny hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ygtybarly we durnukly energetika özara baglanyşygy, energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilmegi bolmazdan, ösüp barýan ýurtlaryň, ilkinji nobatda, has az ösen ýurtlaryň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň we ösüp barýan kiçi ada döwletleriň energiýa bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda kynçylyk çekjekdiklerine aýratyn üns bermek bilen,

deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň, hususan-da, olary sebit we halkara bazarlar bilen baglanyşdyrýan ygtybarly we durnukly energoulag ulgamlaryny, torlary we bazar mehanizmlerini döretmek hem-de ösdürmek arkaly kanagatlandyrmagyň möhümdigini aýratyn belläp,

adalaryň arasynda baglanyşygy gowulandyrmagyň we ösüp barýan kiçi ada döwletleriň ykdysadyýetlerini sebit bazarlaryna, ählumumy önümçilik-söwda zynjyrlaryna birikdirmegiň, şol sanda ony ozal bar bolan we döredilýän deňiz we multimodal ulag hem-de ykdysady geçelgelere goşulyşmagyny üpjün etmek arkaly birikdirmegiň möhümdigini nygtap,

energiýa serişdeleriniň halkara bazarlara ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmekde energoulag halkalarynyň möhüm ornuny nazara alyp,

durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine energetika baglanyşygyny we energoulag ulgamlaryny pugtalandyrmak, energiýa serişdeleriniň söwdasyna ýardam bermek maksady bilen, milli, ikitaraplaýyn, sebit we halkara derejede edilýän tagallalary goldap,

2017-nji ýylyň 19-njy maýyndaky 73/8 belgili Kararnamasynda Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy tarapyndan energetika arabaglanyşygy boýunça bilermenleriň iş toparynyň döredilendigini belläp,

şeýle hem 2009-njy ýylyň 23-nji aprelinde Aşgabatda geçirilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň eýeleýän orny» atly ýokary derejeli maslahatyň netijelerini, şeýle hem Baş Assambleýanyň 67/263 belgili Kararnamasyna laýyklykda, 2014-nji ýylyň 10-11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen durnukly ösüşiň bähbidine energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi boýunça bilermenleriň halkara maslahatyny bellemek bilen,

2022-nji ýylyň 17 — 19-njy maýynda Kigalide we 2025-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Brijtaunda geçirilen «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly forumlary göz öňünde tutup hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň 2027-nji ýylda «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly mowzuk boýunça forumy geçirmek baradaky teklibini hoşallyk bilen belläp,

1. Ykdysady integrasiýa we durnukly ösüşe ýardam bermek, hususan-da, hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmelerini üpjün etmek boýunça durnukly ösüş babatda ýedinji maksady gazanmak üçin milli, sebit we ählumumy derejede ygtybarly hem-de durnukly energiýa birikmesini üpjün etmek işinde halkara hyzmatdaşlygy dowam etmäge çagyrýar;

2. Şeýle hem serhetüsti energetika infrastrukturanyň we energetika baglanyşygynyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda tagalla etmäge çagyrýar;

3. Birleşen Milletler Guramasynyň hemmeler üçin Durnukly energetika onýyllygyny geçirmäge goldaw bermek maksady bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibinde bellenen energetika bilen baglanyşykly maksatlary hem-de wezipeleri durmuşa geçirmäge ýardam bermek we 200 sany energetika şertnamasy görnüşinde meýletin borçnamalary ýerine ýetirmek üçin 2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen energetika meseleleri boýunça ýokary derejedäki dialogy nazara alýar, şeýle hem Baş sekretaryň Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynda hemmeler üçin arzan, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek baradaky hasabatynda ýedinji maksady tiz gazanmak üçin teklip eden «Ýol kartasyny» göz öňünde tutup;

4. Agza döwletleriň we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň degişli düzümleriniň, şol sanda sebit komissiýalarynyň energetika arabaglanyşygynyň ygtybarlylygyna we durnuklylygyna degişli meseleler boýunça, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary babatda pikirlerini öwrenmegi we bu pikirlere 81-nji sessiýada garamak üçin Baş Assambleýanyň Sekretariatynyň umumylaşdyrylan hasabaty hökmünde ibermegini Baş sekretara gaýtadan teklip edýär.