Şu gün 8-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň tamamlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdak düşüriliş dabarasy geçirildi.
Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary derejeli wekili Rabab Fatima, halkara foruma gatnaşýan myhmanlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýet ýolbaşçysy — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň geçirilýän günlerinde Awaza raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi, bu ýerde geçirilen çärelerde bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde möhüm pikir alyşmalar boldy, uzak möhletleýin geljege gönükdirilen taslamalara garaldy, DÇBÖBD-niň ykdysady ösüşine baha berildi we bu ugurda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi, iň esasysy bolsa, halkara dialogyň, hyzmatdaşlygyň täze köprüleri guruldy.
“Türkmenistan bu halkara ähmiýetli forumy kabul edendigine buýsanýar” diýip, wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi hem-de maslahata gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirdi.
Soňra ýokary wekilçilikli maslahatyň jemleýji dabarasynda çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima söz berildi.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bu forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, Awazanyň DÇBÖBD üçin durnukly ösüşe bolan umydyň we umumy maksada ymtylyşyň nyşanyna öwrülendigini, bu ýerde geçirilen forumyň halkara jemgyýetçiligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-sinde ýaşaýan 600 milliona golaý adamyň abadançylygy ugrundaky tagallalaryny birleşdirendigini nygtady.
“Baýdaklaryň düşürilmegi bilen, bu möhüm halkara maslahat öz işini jemleýär. Emma bu DÇBÖBD üçin täze döwrüň, olaryň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny aňladýar. DÇBÖBD geografik taýdan çäkli mümkinçiliklere eýe bolsalar-da, olaryň ykdysady mümkinçilikleri çäksizdir. Dogry hyzmatdaşlyk, dogry maýa goýumlar we dogry goldaw bilen olar öz halklary üçin ýagty geljegi üpjün edip bilerler” diýip, Rabab Fatima belledi we foruma işjeň gatnaşandyklary, pikirlerini we tejribelerini paýlaşandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, harby orkestr dabara sazyny çalýar. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary düşürildi.