Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, ýokary derejeli wekiliýetleriň agzalary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjy ýokary derejeli myhmanlary mähirli garşylady.
Soňra bu ýerde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Soňra BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang çykyş etdiler.
Çykyşlarda bu forumyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi. Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini nygtadylar.
Soňra BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy foruma gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ýokary derejedäki tematik «tegelek stollar», forumlar, duşuşyklar we beýleki ugurdaş çäreler geçirilýär.