25-nji awgustdan 5-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Ilat gaznasynyň (UNFPA) we Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji yzygiderli mejlisleri geçirildi.
Mejlisleriň netijeleri boýunça 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin ýurt boýunça maksatnamalaýyn resminamalar tassyklanyldy.
Bu maksatnamalaryň konsepsiýalary türkmen tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Resminamalara laýyklykda, indiki bäş ýylda BMGÖM-iň, ÝUNISEF-iň we UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda degişli ugurlar boýunça taslamalar we çäreler amala aşyrylar.