8-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.
Ilki bilen, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ulag we energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, sebit integrasiýasy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan mowzuklaýyn “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri diňlenildi.
Maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlar baradaky hasabatlara aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar bu forumlaryň döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň, ýaşlaryň, parlamentarileriň we raýat jemgyýetiniň arasyndaky dialog üçin netijeli meýdança bolandygyny, maýa goýumlardyr innowasiýalar üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmaga şert döredendigini nygtadylar.
Soňra Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy. Bu resminama DÇBÖBD-niň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmäni beýan edip, ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak, söwdany ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, institusional mümkinçilikleri pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri özünde jemleýär.
Mejlise gatnaşyjylar Jarnamany ylalaşmagyň hem-de onuň milli we halkara derejede netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin öz wagtynda kabul edilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Soňra mejlisiň gün tertibiniň degişli bendine laýyklykda, maslahatyň hasabaty tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar hasabatyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň esasy netijelerini hem-de maslahatlaryny beýan edýändigini, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini tassykladylar.
Mejlisiň jemleýji bölegi maslahatyň ýapylyşyna bagyşlandy. Döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri jemleýji beýannamalarynda çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny bildirdiler.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima öz çykyşynda maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi we bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa maslahaty açyp, onuň üstünlikli geçirilmegini üpjün edendigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdi.
Rabab Fatima maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belläp, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda, Awaza syýasy Jarnamasynda bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin anyk çäreleriň hem-de çözgütleriň beýan edilýändigini aýtdy. Şeýle-de ol agzalan maksatnamanyň anyk netijelere getirmegi üçin BMG-niň halkara we sebit guramalary, beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, foruma gatnaşyjylaryň ählisine hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow maslahatyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň syýasy erk, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, umumy jogapkärçilik arkaly özleriniň geografik päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge we sebit hem-de ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmaga ukyplydyklaryny görkezendiklerini belledi.
Kabul edilen hem-de yglan edilen iki möhüm resminamanyň geljek on ýylda umumy tagallalar üçin Ýol kartasy bolup hyzmat etjekdigi bellenildi. 2024-2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär.
Awaza syýasy Jarnamasy jebisligiň we raýdaşlygyň beýan edilmegi bolmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklaýar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi resmi taýdan ýapyk diýlip yglan edildi. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.