Birleşen Milletler Guramasynyň edarasy şu gün, 23-nji fewralda garly harasat sebäpli ýapyk bolar. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Ol ýerde bu çözgüdiň şäheriň häkimiýetleriniň we Milli meteorologik gullugyň syrgyn, güýçli şemal we ýaramaz görüş barada duýduryşyndan soňra kabul edilendigini düşündirdiler. Şeýle hem edaranyň işgärleriniň mümkinçilige görä, uzak aralykdan işlejekdikleri bellenildi. Ähli meýilleşdirilen çäreler başga wagta geçiriler.
Mundan öň Nýu-Ýorkuň meri Zohran Mamdani süýşüp gelýän garly syrgyn sebäpli şäherde adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini habar beripdi. Ýollar ulaglaryň hereketi üçin ýapylar, mekdeplerde okuwlar ýatyrylar, tutuş şäherde ýylanmak üçin nokatlar açylar. Howa maglumaty gullugynyň işgärleriniň çaklamasyna görä, Nýu-Ýorkda 45 sm garyş ygalyň ýagmagyna, şemalyň tizliginiň 26 m/s geçmegine garaşylýar.
Ýanwaryň ahyrynda ABŞ-ny soňky 100 ýyldaky iň güýçli «Fern» buzly apy-tupany basdy, onuň netijeleri 200 milliondan gowrak adama täsir etdi. Şäherleriň birgideniniň elektrik üpjünçiligi bozuldy, 22 ştatda adatdan daşary ýagdaý girizildi, howa uçuşlarynyň 100-den gowragy ýatyryldy.