Bolgariýa şu günden başlap ýewrozona goşuldy we resmi taýdan döwlet walýutasy hökmünde bolgar lewinden ýüz öwrüp, ýewrony kabul etdi.
Bolgariýa ýewrozolaga girmek üçin ähli talaplary resmi taýdan ýerine ýetiren 21-nji ýurt boldy. Indi ýewrony pul birligi hökmünde ulanýan ýewropalylaryň sany 350 million adama ýeter.
Häzirki wagda bolgar biznesiniň täze walýutany kabul etmäge işjeň taýýarlyk görýändigi habar berilýär. Sofiýanyň köçelerinde we dükanlarynda bahalar iki walýutada görkezilýär, bilbordlarda bolsa ýewro-lew kursy bilen birlikde: “Umumy geçmiş. Umumy geljek. Umumy walýuta” diýen ýazgylar peýda boldy.