Bolgariýada möhletinden öňki saýlawlar 19-njy aprelde geçiriler. Bu barada çarşenbe güni ýurduň Prezidenti Iliýana Ýotowa habar berdi we Premýer-ministr Andreý Gýurow tarapyndan hödürlenen wagtlaýyn hökümeti bellemek barada perman çykarjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ýotowa degişli beýanaty A.Gýurow telewideniýede göni ýaýlymda berlen duşuşykda oňa wagtlaýyn hökümetiň düzümini hödürläninden soňra derrew mälim etdi.
Ýotowa: “Men siziň wagtlaýyn Kabinetiňizi bellemek barada perman çykararyn we Halk ýygnagynyň (parlamentiň) öňünde kasam kabul etmegiňize garaşaryn, şeýle hem 2026-njy ýylyň 19-njy aprelinde parlament saýlawlaryny geçirmek barada perman çykararyn” diýip, Gýurowa ýüzlenip aýtdy.
-Iň möhüm wezipe ýurduň kanunçylygyna laýyklykda adalatly parlament saýlawlaryny taýýarlamakdyr – diýip, ol nygtady.
Ýotowanyň sözlerine görä, beýleki wezipeleriň hatarynda ýurduň öňünde duran we energetika ulgamy hem-de çig mal harytlarynyň nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ýeňip geçmek, şeýle hem Ýewropada milli bähbitleri goramak bar.
PDF









