8-nji noýabrda Boliwiýanyň Prezidenti Rodrigo Pas kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Bu barada ýurduň teleýaýlymy habar berdi.
Kasam kabul ediş dabarasyna Argentina, Paragwaý, Urugwaý, Çili, Ekwador ýaly birnäçe ýurduň Prezidentleri gatnaşdy. Boliwiýanyň wise-prezidenti Edmand Lara hem kasam kabul etdi.
Pas 19-njy oktýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda döwlet Baştutany wezipesine saýlandy. Ol “Sosializme tarap hereketiň» wekili Luis Arseniň ýerine geçdi. Bu bolsa iki onýyllyga golaý döwürden soň syýasy güýçleriň deňagramlylygyny üýtgetmek üçin ädilen ädim boldy. Çünki bu döwürde çepçi güýçler häkimiýetde agalyk ediji orny eýeleýärdi.
1989-njy ýyldan 1993-nji ýyla çenli ýurdy dolandyran Boliwiýanyň öňki Prezidenti Haýme Pasa Samorynyň ogly Pas “kapitalizm hemmeler üçin” şygary astynda özgertmeleri amala aşyrmaga wada berýär. Ol salgyt girdejilerini sebitleriň we şäher häkimlikleriniň peýdasyna gaýtadan paýlamak arkaly ykdysadyýetiň merkezleşdirilmezliginiň tarapdary. Şeýle hem, ol elýeterli karzlar maksatnamasynyň girizilmegini we kiçi we orta kärhanalara goldaw bermek üçin salgyt ýeňillikleriniň berilmegini goldaýar.
Şol bir wagtyň özünde, ol öz ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen halkara maliýe edaralaryndan karz almak mümkinçiligini aradan aýyrýar. Şeýle hem syýasatçy Boliwiýanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinýär.
Günorta Amerikanyň merkezinde ýerleşýän köp milletli bu ýurtda 12 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Ýurtda 37 sany resmi döwlet dili bar. Paýtagty Sukre, ýöne döwlet edaralarynyň köpüsi La-Pasda ýerleşýär.
PDF









