Braziliýanyň häzirki lideri Žair Bolsonaro, Braziliýada 2-nji oktýabrda geçirilen Prezident saýlawlarynda esasy bäsdeşi Luiz Inasiu Lula da Silwadan öňe saýlanýar we saýlaw býulletenleriniň 4,9%-i sanalandan soň 48,84% sese eýe boldy. Maglumatlar täzelenip durýandygyny bellemelidiris. Konserwatiw syýasy garaýyşlary goldaýan Braziliýanyň häzirki Prezidenti Žair Bolsonaro üçin 2,7 million saýlawçy, Bolsonaronyň esasy garşydaşy sosialist Luiz Inasiu Lula da Silwa 2,3 million saýlawçy (42,1%) ses berdi. Saýlawdan öňki kampaniýalarda Braziliýanyň ozalky Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwanyň Braziliýanyň häzirki lideri Žair Bolsonarodan öňde barýandygy habar berlipdi.