Täsin tehnika
1900-nji ýyllarda gyş paslynyň gelmegi bilen Kanadanyň obalyk sebitlerine gidip-gelmek kynçylygy ýüze çykypdyr. Garyň köp ýagmagy bilen oba ýaşaýjylary garda ýöreýän ulag serişdeleriniň ýokdugy sebäpli, şähere, hatda goňşy obalara gitmekde hem kynçylyk çekipdirler. Şol ýyllar suguna, ata goşulan arabalar sowuk sebitlerde ýaşaýanlaryň esasy ulagy bolupdyr. Bu ýagdaý 1930-njy ýyllara çenli dowam edip, garda ýöreýän ilkinji motorly ulaglar peýda bolup ugraýar. Motorly ulaglar ilkibaşda ýollary gardan arassalamak, ýük daşamak üçin ulanylýar. Kanadanyň Kwebek sebitiniň Walkur şäherçesinde doglan fransuz-kanada oýlap tapyjysy Arman Bombarde ýetginjeklik ýyllaryndan başlap garda ýöreýän ulagy işläp düzmegiň arzuwynda gezýär. Ol 1922-nji ýylda ýönekeý gar ulagyny işläp düzýär we 1927-nji ýylda garda ýöreýän «Bombardier» ulagy üçin patent alýar. Ol birnäçe synanyşyklardan soň 1937-nji ýylda «Bombardier» ulagynyň B-7 nusgasyny köpçülige hödürleýär. Garda batmazlygy üçin ulag tigirli däl-de, zynjyrly edilip ýasalýar. Maşynyň öň tarapyna bolsa tigriň ýerine lyža meňzeş edip tagta berkidýär. 7 adama niýetlenen gar ulagynyň gabarasy ilkibaşda agaçdyr deri bilen örtülýär. Bombarde bu ulagy kämilleşdirmegini dowam edip, 1942-nji ýylda «Bombardier Snowmobile Limited» kompaniýasyny esaslandyrýar. Şol ýyl hem garda ýöreýän ulagyň B-12 modelini işläp taýýarlaýar. Daşky görnüşi B-7-ä meňzeş garda ýöreýän ulagyň bu nusgasy metaldan ýasalyp, 12 adama niýetlenýär. Soňra bu ulagyň B-18, ýagny has uly bolan 18 orunlyk nusgasy hem öndürilýär. Şowly netije berensoň, ulagyň mekdep okuwçylaryny gatnatmaga niýetlenen sary reňklisi hem öndürilýär.
1950-nji ýyllarda «Bombardier» ulaglary Kanadanyň çetki ýaşaýyş merkezlerinde tiz kömek, mekdep awtobusy, poçta ulagy, ýolagçy awtobusy, taksi hyzmaty we tebigaty goramak hyzmatlarynda giňden peýdalanylýar. Garda ýöreýän «tomzaklar» sagatda 48 kilometr tizlik bilen hereket edip, 1945-1951-nji ýyllar aralygynda 2 müň 596 sanysy öndürilýär. 1950-nji ýyllaryň başynda bolsa, «Bombardier B-12» ulagynyň zynjyry polatdan däl-de, rezinden öndürilip başlanýar. Rezin zynjyr hem ýeňil, hem-de taýgak buzuň ýüzüne demre görä has mäkäm «ýapyşýar». V-8 motorly, propan gazy bilen işleýän, awtomatik geçirijili, sessiz işleýän «Bombardier B-12» inženerçiligiň ýokary derejesi hasaplanýar. Ulagyň penjireleri gäminiňki ýaly tegelek edilipdir. Şeýlelikde, doňan kölden barýan wagty buzuň döwülmegi bilen ulag suwa çümeninde, ýolagçylar aňsatlyk bilen halas bolup bilýärler. 1968-nji ýyldan soňra bolsa, «Bombardier» kompaniýasy «Ski-doo» atly bir we iki orunlyk iş ulagynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýýar. Ilkinji gar motosikli hasaplanan «Ski-doo» halas ediş, awçylyk we hojalyk hyzmatlarynda ulanylyp, soňra Olimpiýa oýunlarynyň sport ulagy görnüşine hem girizilýär. Häzirki wagtda giňden ýaýran garmobilleriň ilkinji başlangyjy bolan «Ski-doo» motoulagy kompaniýanyň taryhynda iň gowy oýlap tapyşlaryň biri hasaplanýar.
2003-nji ýylda kompaniýanyň ady «Bombardier Recreational Products Inc.» diýlip üýtgedilýär. Häzirki wagtda «Bombardier» gar ulaglarynyň önümçiligi Kanadada, ABŞ-da, Meksikada, Finlýandiýada we Awstriýada alnyp barylýar.