Kep­de­ri ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri adam­zat dur­mu­şyn­da uly or­ny eýe­läp gel­ýär. En­tek ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry­nyň ýok ma­ha­ly adam­lar bi­ri-bi­ri bi­len ha­bar­laş­mak üçin bu gu­şy oka­dyp­dyr­lar. Ki­çi­jik ha­ty kep­de­ri­niň aýa­gy­na ber­ki­dip, uzak il­le­re ha­bar ug­ra­dyp­dyr­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de öý­ler­de, haý­wa­nat bag­la­ryn­da be­zeg gu­şy hök­mün­de sak­lan­ýan kep­de­ri­ler dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar.
Kep­de­ri­ler di­ňe bir akyl­lyly­gy we as­man­da­ky tä­sin uçuş he­re­ket­le­ri bi­len däl, eý­sem, owa­dan­ly­gy bi­len hem köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Dün­ýä­de kep­de­ri­niň owa­dan gör­nüş­le­ri­niň bir­nä­çe­si bo­lup, şo­la­ryň ara­syn­da ni­ko­bar kep­de­ri­si ün­si has-da özü­ne çek­ýär. Ata Wa­ta­ny Hin­dis­ta­nyň Ni­ko­bar ada­la­ry ha­sap­lan­ýan ni­ko­bar kep­de­ri­si In­do­ne­zi­ýa çen­li ba­ryp ýe­tip­dir. Sy­ýa reňk­li kep­de­ri Ma­laý­zi­ýa­da, Fi­lip­pin­ler­de we Pa­lau­da hem duş gel­ýär. Boý­nun­da­ky se­çe­le­nip du­ran uzyn ýe­lek­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu gu­şuň ulu­ly­gy 30-35 san­ti­met­re, ag­ra­my 400-600 g­ra­ma ýet­ýär. Ar­ka­sy we ga­nat­la­ry­nyň üs­ti älem­go­şa­ra meň­zeş öw­şün at­ýan ni­ko­bar kep­de­ri­si ýi­tip git­mek how­py aban­ýan guş­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär.