10-njy noýabrda Braziliýanyň Belem şäherinde Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň 30-njy maslahaty – COP30 öz işine başlady. Bu halkara forum dünýäniň dürli künjeginden döwlet Baştutanlaryny, hökümet wekillerini, ylmy-barlag institutlaryny, jemgyýetçilik guramalaryny hem-de işewür toparlary bir ýere jemledi. Bu maslahatda howanyň üýtgemegi boýunça çäreleri halkara derejesinde ileri tutulýan ugurlaryň öň hatarynda goýmak maksat edinilýär.
Maslahatyň açylyş dabarasynda COP29-yň başlygy Muhtar Babaýew geçen ýyl Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda geçirilen sammitde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmäge çagyrdy. COP30-yň başlygy Andre Korrea du Lagu bu wezipäni özüne ynananlygy üçin Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa hoşallyk bildirdi we COP30-yň täze çözgütleri hödürlemäge tagalla etjekdigini belledi.
-Bütin dünýäde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulaşýar we gowulaşmagyny dowam etdirer. Ylym, bilim we medeniýet biziň ýöremeli ýolumyzdyr. Köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlyk howanyň üýtgemegine garşy göreşde baş maksadymyz bolar – diýip, Andre Korrea du Lagu belledi.
Belem şäheri “Zeminiň öýkeni” hasaplanýan Amazon sebitiniň jümmüşinde ýerleşýär. Şonuň üçin COP30-nyň bu ýerde geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu forumyň dowamynda dürli ýurtlaryň täze milli maksatnamalary hödürlenip, ählumumy maýlamanyň derejesini +1,5 °C çäklerinde saklamak üçin anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle-de, tehnologiýanyň paýlaşylmagy, täze maliýe çeşmeleri, “ýaşyl” energetika we daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlar öňe sürüldi. Şonuň ýaly hem bu çärede howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we Pariž ylalaşygynyň global deňagramlylygyny durmuşa geçirmek ýaly başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. 21-nji noýabra çenli dowam etjek maslahata 190-dan gowrak ýurtdan we sebitden wekilçilikli toparlar gatnaşýar.