2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap BRICS-iň başlyklygyny öz üstüne alan Russiýa, ähli agza ýurtlar bilen netijeli işleri amala aşyrmagy maksat edinýär. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň guramada başlyklygynyň başlamagy bilen baglanyşykly ýüzlenmesinde aýtdy.
Wladimir Putin ileri tutulýan möhüm meseleleriň arasynda ylym-bilim, ýokary tehnologiýa, saglygy goraýyş, ekologiýa, şeýle hem medeniýet, sport, ýaşlaryň alyş-çalşygy we raýat jemgyýeti ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny belläp geçdi.
Umuman alanyňda, Russiýa Federasiýasynyň BRICS-e başlyklyk etmeginiň çäklerinde Russiýanyň köp şäherlerinde dürli derejeli we ugurly 200 töweregi çäre geçirmek meýilleşdirilýär. Putin BRICS bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän ýurtlaryň ählisiniň wekillerini olara gatnaşmaga çagyrdy. Prezident, Russiýanyň başlyklygynyň iň ýokary netijesiniň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Kazanda geçiriljek birleşdiriş sammitiniň boljakdygyny aýtdy.
2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Russiýa BRICS-e başlyklyk edip başlady. Birleşigiň täze bäş agzasy hökmünde öňe sürülýän Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa şu ýyl guramada doly işe başlarlar. Şeýlelikde BRICS-e agza ýurtlaryň sany barha artýar.