Belgiýanyň paýtagty Brýusselde köçeler bir günlügine ýapyldy. Şeýle bolansoň köçelerde çagalar we ulular welosiped, arabajyk we samokat bilen gezelenç etdi, sport çäreleri geçirildi, maşk edildi. Şeýle çäre her ýylyň sentýabr aýynyň üçünji ýekşenbesi 09:30-19:00 aralygynda geçirilýär.
Çäre bu ýyl 16-22-nji sentýabr aralygyna gabat gelen Brýussel hereketlilik hepdeliginiň çäklerinde geçirildi.