29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Brýusselde «Garaşsyzlygyň gymmatlyklary: türkmen mirasynyň baýramy» atly medeni agşam geçirildi.
Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan guralan çärede Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň we birnäçe beýleki ýurtlaryň Ilçileri, Benilýuks Bileleşiginiň Baş sekretary, diplomatlar, medeniýet işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Agşamyň özboluşlylygy çärä türkmen medeniýetiniň häzirki döwrüni eserlerinde şöhlelendirýän türkmen dizaýnerleriniň gatnaşmagynda boldy. Olar Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän medeni başlangyçlary Brýusselde ikinji ýyl yzly-yzyna geçirýän Merkezi Aziýanyň Ýewropa döredijilik birleşmesiniň esaslandyryjysy Ýelena Haritonowa tarapyndan taýýarlanan maksatnama gatnaşdylar.
Ýörite döredilen saz bilen köpçülige ýetirilen “Göwher Gouvernet” atly brendiň moda görkezilişi aýratyn ünsi çekdi. Bu brendiň esaslandyryjysy – türkmen dizaýneri, modelýer-suratkeşi Göwher Guwerne-Pirkulyýewa. Saz bezegi innowasion synag tejribesidir. Onuň awtory – Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgäri Maral Rahimowa – emeli intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, kompozisiýada Merkezi Aziýanyň milli gurallarynyň owazlaryny utgaşdyrdy. Bu bolsa täze tehnologiýalaryň we döredijilikli çemeleşmeleriň medeniýeti ösdürmäge hem-de täzeçe baýlaşdyrmaga hyzmat edip bilýändigini aýdyň görkezdi.
Çärede Ýewropa Daşary syýasat gullugynyň medeniýet boýunça geňeşçisi Gaýa Daneza çykyş edip, özara düşünişmegiň binýady hökmünde medeni alyş-çalyşygyň ähmiýetini nygtady.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ilçisi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny baýram edýän döwründe türkmen halkynyň müňýyllyklara uzalyp gidýän taryhy ýolunyň barha kämilleşip, milli medeni koduny nesilden-nesle geçirmek ugrunda tagalla edip gelendigini belledi. Ol medeniýetiň üzňelikde hereket edip bilmeýändigini, dünýäniň ähli medeniýetleriniň hemişe birek-birek bilen gatnaşyga girip, biri-birini baýlaşdyrýandygyny aýratyn nygtady.
Ilçiniň çykyşynda hemişelik Bitaraplyk we döredijilik temalaryna aýratyn üns berildi. Ol BMG tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň hyzmatdaşlyk we dialog üçin giň meýdança döredýändigini, döwrebap döredijilik çemeleşmeleriniň bolsa, bu meýdançany täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny belledi.
Çäre Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň nobatdaky ädimi bolup, medeniýetiň adamlary birleşdiriji, dostluk, ynanyşmak we parahatçylyk gurşawyny dörediji güýjüni aýdyň görkezdi.