Dünýä boýunça 4,4 milliarddan gowrak adam şäherlerde ýaşaýar. Bu barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) “X” jemgyýetçilik ulgamynda ýerleşdiren habarynda aýdylýar.
Neşir edilen maglumatda dünýä ilatynyň “4,4 milliarddan gowragynyň şäher ýerlerinde ýaşaýandygy” we 2050-nji ýyla çenli bu görkezijiniň Ýer şarynyň umumy ilatynyň, takmynan, 70 göterimine çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygy bellenilýär.
Şeýle-de, habarda şäherleriň saglyk üçin iň uly töwekgelçilikleriň jemlenen ýerleriniň hataryna girýändigi bellenilýär. Şol töwekgelçilikleriň hatarynda howanyň hapalanmagy, howpsuz bolmadyk ulag gatnawlary, aram däl ýaşaýyş şertleri we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wehimler bar.
PDF








