Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 2-nji tipli poliomiýelite (nOPV2) garşy täze peroral waksinasy deslapky hasaba aldy. Bu çözgüt keseliň möwjemegine garşy göreş çärelerini güýçlendirmäge hem-de dermanyň ählumumy gorlaryny artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, guramanyň saýtynda habar berildi.
Deslapky kwalifikasiýalaşdyrmak waksinanyň halkara hil, howpsuzlyk we täsirlilik ölçeglerine laýyk gelýändigini aňladýar.
BSGG-niň maglumatlaryna laýyklykda, täze derman serişdesi öňki nusgadan has täsirlidir we ýokanjyň täzeden möwjemeginiň töwekgelçiligini peseldýär.
Poliomiýelit ýiti ýokanç kesel bolup, nerw ulgamyny hatardan çykaryp hem-de bejerip bolmajak ysmazlyga ýa-da ölüme eltip bilýär.
PDF









