“Bloomberg Philanthropies 2025 Mayors Challenge” bäsleşiginiň netijelerine görä, Budapeşt “innowasiýa şäheri” kategoriýasynda finalçylaryň 50-siniň hataryna girdi. Bu barada şäher häkimligi habar berdi. MTI habar gullugynyň habaryna görä, şäherler 50 müň dollar grant almak üçin 630 dalaşgäriň arasyndan öňe saýlandy.
Budapeştiň häkimligi şäheriň azyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanasy bilen bilelikde taslama hödürledi. Bu başlangyç, ýerli bazarlardan galan artykmaç miweleri we gök önümleri doňdurylan önümlere, mürepbelere we duzlanan iýmitlere öwürmäge gönükdirilendir. Bu önümler, esasan, mekdeplerde we garrylar öýlerinde iýmit üçin ulanylýar.
Taslama azyk galyndylaryny ep-esli azaldar, çagalar we garrylar üçin iýmitlenişiň hilini ýokarlandyrar, aýlawly ykdysadyýeti goldar we öň onçakly isleg bildirilmedik ýokary hilli önümler üçin bazar döretmek arkaly ýerli öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrar.
Budapeştiň şäher häkimligi başlangyjyň aýdyňlygyny, netijeliligini we uzak möhletli durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen ähli üpjünçilik zynjyryny doly utgaşdyrar.