4-nji iýunda ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň möhüm tapgyry bolan şu ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi.
29-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz möhüm oba hojalyk möwsümine başlamaga ak pata berip, daýhanlara bugdaý meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler. 11-nji iýunda bu jogapkärli işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşularlar.
Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan asylly däplere laýyklykda, hormatly ýaşulular orak möwsüminiň üstünliklere beslenmegini, Watanymyzyň rowaçlygyny we halkymyzyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg etdiler. Olar: “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular hem-de orlan bugdaý bogdagyny kombaýnçylara berdiler.
Şu ýylda ýurdumyzyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy. Ekerançylyk ýerlerinde bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ösdürilip ýetişdirildi.
Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda orak möwsümini guramaçylykly geçirmek we bugdaý orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylky degişli möwsümde bugdaý orujy kombaýnlar, döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olary dolandyrýanlar tejribeli mehanizatorlardyr.
Möwsümde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlary gije-gündizleýin esasda bugdaý orujylaryň tehnikalaryny zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary we hyzmatlar bilen üpjün ederler. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda bolup, gullugyň hünärmenleri iň döwrebap enjamlaryň kömegi bilen gelip gowuşýan bugdaý hasylynyň hilini dessin kesgitlärler.