Dünýäniň iň abraýly edebi baýraklaryndan biri bolan “Buker” baýragy 2025-nji ýylyň dalaşgärleriniň uzyn sanawyny mälim etdi. Oňa dokuz ýurtdan bolan ýazyjylaryň 13 kitaby girdi. Emin agzalary bu sanawyň soňky 10 ýylda has halkara ruhunda bolandygyny bellediler. Hödürlenen eserleriň her biri şahsyýet we häzirki zaman dünýäsini özbaşdak öwrenýär.
Romanlaryň arasynda Kiran Desainiň üstünde 20 ýyl töweregi işlän «Soni we Sanniniň ýalňyzlygy» (The Loneliness of Sonia and Sunny) atly kitaby bar. Dewid Salainiň “Syna” (Flesh) kitabynda gahrymanyň ýetginjeklikden tä garrylykdaky durmuşy barada gürrüň berilýär. Şeýle hem, sanawda Jonatan Bakliniň “Bir gaýyk”, (One Boat) atly iň gysga romany we Taşa Ouwanyň “Günorta” (The South) ýaly dramatik eserleri bar.
Doly sanaw şeýle tertipde berlipdir:
«Soni we Sanniniň ýalňyzlygy» (The Loneliness of Sonia and Sunny) — Kiran Desai;
«Diň salma» (Audition) – Keti Kitamura;
“Fonarjyk” (Flashlight) – Sýuzan Çoý:
“Syna” (Flesh) – Dewid Salai;
“Nädürs ýorgut” – (Misinterpretation), Lediýa Joga;
«Deňiz gökdiräni» (Seascraper) – Benjamin Wud.
«Endling» (Endling) – Mariýa Rewa;
“Gyşky ýer” (The Land in Winter) – Endrýu Miller;
«Galan ömrümiz» (The Rest of Our Lives) Benjamin Markowis;
«Bir gaýyk» “One Boat” – Jonatan Bakli;
“Köptaraplylyk» (Universality) – Nataşa Braun;
“Günorta” (The South) – Taş Ouwa;
«Söýginiň görnüşleri» (Love Forms) – Kler Adam.
Bu ýylky baýrak üçin emin agzalarynyň başlygy ýazyjy we dramaturg Roddi Doýl boldy. Onuň bilen birlikde kitaplara aktrisa Sara Jessika Parker, şeýle hem, ýazyjylar Aýobami Adebaýo, Kaýli Rid we Kris Power baha berdiler.
Alty kitapdan ybarat gysga sanaw bolsa, 23-nji sentýabrda Londonyň Korol festiwaly zalynda geçiriljek köpçülikleýin çärede mälim ediler. Ýeňiji şu ýylyň 10-njy noýabrynda mälim ediler we 50 müň funt sterling alar.
2024-nji ýyldaky “Buker” baýragyna “Orbit” romany üçin britan ýazyjysy Samanta Harwi mynasyp bolupdy.