Çeper edebiýat ugrundaky iň esasy baýraklaryň biri bolan «Buker baýragy – 2026»-nyň gysga sanawy mälim edildi. Baýragyň saýtynda berilýän habara görä, şu ýylky eminler toparyna ýazyjy Nataşa Braun ýolbaşçylyk edýär.
Şu ýyl eminler topary 128 eseriň arasyndan 13 kitapdan ybarat bolan uzyn sanawy (longlist) saýlap aldylar, soňra bolsa bu sanawy alty sany finalçy esere çenli gysgaltdylar. Gysga sanawa şu eserler girdi:
«Taýwan syýahatnamasy» (Taiwan Travelogue) — Ýang Şuan-Szy;
«Jadygöý» (The Witch) — Mari Ndýaý;
«Ýer ýüzünde bolşy ýaly» (Of Earth as It Is) — Ana Paula Maýýa;
«Režissýor» (The Director) — Daniel Kelman;
«Galyberýän aýal» (She Who Remains) — Rene Karabaş;
«Tähranda ümsüm gijeler» (Nights are Quiet in Tehran) — Şida Bazýar.
Emin agzalary terjimeçilik işiniň ähmiýetini aýratyn nygtaýar: 50 müň funt sterling möçberindäki pul baýragy awtor bilen terjimeçiniň arasynda deň bölünýär. Mundan başga-da, gysga sanawa girenleriň her birine 5 müň funt (her haýsyna 2,5 müňden) berilýär.
Ýeňiji 19-njy maýda Londonyň «Teýt Modern» galereýasynda geçiriljek dabarada mälim ediler.