2025-nji ýylyň Buker baýragynyň finalçylary mälim edildi. Emin agzalary jemi 13 kitapdan altysyny saýlap aldylar. Gysga sanawda 19 ýyl ozal baýrak alan hindi ýazyjysy Kiran Desai, şeýle hem, öňki dalaşgärler Endrýu Miller we Dewid Saloý bar. Üç amerikan ýazyjysy – Sýuzen Çoý, Keti Kitamura we Ben Markowis hem noýabr aýynda ýeňiji yglan edilende baýrak üçin bäsleşer.
Gysga sanawa Sýuzen Çoýuň “Flashlight” (Lowurdy), Kiran Desainiň “The Loneliness of Sonya and Sunny” (Wsoni we Sanniniň ýalňyzlygy), Keti Kitamuranyň “Audition” (Diňleme), Ben Markowisiň “The Rest of Our Lives” (Galan ömrümiz), Endrýu Milleriň “The Land in Winter” (Gyşyň ýeri), Dewid Saloýyň “Flesh” (Synba) atly kitaplary girizildi.
Emin agzalary sekiz aýyň dowamynda 153 kitap okap, olara içgin baha berdiler. Eminler toparyna Buker baýragynyň öňki eýesi Roddi Doýl ýolbaşçylyk edýär, şeýle hem toparyň düzüminde ýazyjylar Kili Rid, Kris Pauer, Aýobami Adebaýo we aktrisa Jessika Parker bar. Ýeňiji 10-njy noýabrda Londonda geçiriljek dabarada mälim ediler.