Bukingem köşgi Ýelizaweta II doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli retrospektiw sergä taýýarlyk görülýändigini habar berdi. “Şa zenany Ýelizaweta II: Onuň ajaýyp durmuşy” atly sergi 2026-njy ýylyň ýazynda açylar we Şa zenanyň şahsy geýimleriniň saklanýan şkafyndan 200-e golaý geýim-gejim köpçülige hödürlenip, olaryň köpüsi ilkinji gezek görkeziler.
Bu ýere gelýänler Şa stiliniň ewolýusiýasyny yzarlap bilerler – çagalyk eşiklerinden, kämillik ýaşyna çenli we adaty eşiklerinden we atly gezelençlerde geýen eşiklerden başlap, resmi kabul edişlikler üçin niýetlenen kaşaň eşiklerine çenli görüp bilerler.
Sergide Ýelizaweta II durmuşynyň ajaýyp pursatlaryna aýratyn üns berler: sergide 1947-nji ýyldaky ady rowaýata öwrülen toý köýnegi hem-de köşk dizaýneri Norman Hartnell tarapyndan taýýarlanan 1953-nji ýyldaky täç geýdiriş dabarasy üçin niýetlenen eşikler görkeziler.
Serginiň kuratory Kerolaýn de Gitonyň belleýşi ýaly, taslamanyň esasy maksady moda prizmasy arkaly 70 ýyllap britan tagtyny eýelän XX asyryň iň täsirli zenanlaryndan biriniň durmuşy we hökümdarlygy hakda gürrüň bermekdir.
Sergä gatnaşýanlar taýýar eşiklerden başga-da, Şa zenanyň geýimlerini döretmegiň syrly taraplaryny açyp görkezýän eskizleri, mata nusgalaryny we şahsy hatlaryny görip bilerler.