4-8-nji oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Nur-Sultanda Merkezi Aziýada ilkinji gezek “World Energy Week” we XIV Ýewraziýa forumy (KAZENERGY) geçiriler. Bu barada “Kazinform” guramaçylara salgylanyp habar berýär.
Çäräni, KAZENERGY Assosiasiýasy hem-de Bütindünýä Energetika Geňeşi (WEC) bilelikde «Energy For Better Lives “Gowy durmuş üçin energiýa” mowzugy bilen geçirýär.
Çäräniň esasy maksady, durnukly ösüşe ýardam we energiýanyň adamzadyň peýdasyna ulanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
2021-nji ýylda geçiriljek Bütindünýä energiýa hepdeligi Gazagystan Respublikasynyň Milli komiteti tarapyndan guralýar. Hepdelik dünýäniň energiýa jemgyýeti üçin dürli çäreleri we aragatnaşyk mümkinçiliklerini hödürlär. Şeýle-de ministrlikleriň ýolbaşçylaryny, transmilli korporasiýalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, köp sanly ýolbaşçylary we energiýa pudagynyň hünärmenleri bir ýere jemlär.
Bu çäre milli, sebitleýin we dünýä derejesinde durnukly energiýa ulgamlaryny döretmek üçin energiýa meseleleri boýunça çekeleşiklere we açyk gepleşiklere itergi berer. Forumyň mowzugy, energiýa bazarlaryna gatnaşyjylaryň arasynda netijeli gepleşik geçirmekden, şeýle-de energiýa ulgamynyň ösüş tendensiýalaryny we ugurlaryny göz öňünde tutmakmakdan ybaratdyr.
Bütindünýä Energetika Geňeşi (World Energy Council) 1923-nji ýylda döredilen hökümete degişli bolmadyk iň uly halkara energiýa guramadyr. Bütindünýä Energetika Geňeşiniň 300-den gowrak gurama wekilçilik edýän 90-dan gowrak milli komiteti, şol sanda, döwlet edaralaryny, senagat we bilermen guramalaryny öz içine alýar. Geňeş her ýyl dünýä energiýa liderleriniň global çäresini – Bütindünýä energiýa hepdeligini geçirýär.