9-njy ýanwarda Aşgabatda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Bütindünýä hindi güni mynasybetli dabara geçirildi. Çärä hindi jemgyýetiniň wekilleri, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Dabaranyň açylyşynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Bandaru Wilsonbabu çykyş edip, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada durup geçdi. Diplomat öz çykyşynda Hindistanyň 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden we Aşgabatda ilçihanasyny açan ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny belläp, geçen ýyllaryň dowamynda barha pugtalanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada gürrüň berdi. Ilçiniň bellemegine görä, soňky ýyllarda ýokary derejeli saparlaryň birnäçesi, 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hindistana, 2015-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana we 2022-nji ýylda Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparlary amala aşyrandygyny ýatlady.
«Täze – 2026-njy ýylda biz ýokary derejeli saparlar bilen bagly bu asylly däbi dowam etdirmäge umyt edýäris» diýip, Wilsonbabu nygtady.
Diplomat Hindistanyň dünýäniň dördünji uly ykdysadyýetidigine ünsi çekip, iň çalt ösýän iri ykdysadyýet hökmünde öz tejribesini hem-de hünär bilimlerini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Ol maglumat tehnologiýalary, derman senagaty, saglygy goraýyş, bilim, mümkinçilikleri artdyrmak, şeýle hem tebigy serişdeleri özleşdirmek we durnukly ulanmak ýaly hyzmatdaşlyk ugurlaryny agzap geçdi.
Ol Hindistanyň medeniýetiniň, sazynyň, tanslarynyň, ýogasynyň we kinematografiýasynyň Türkmenistandaky meşhurlygyndan hoşaldygyny mälim etdi.


Çäräniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary edebi kompozisiýa bilen çykyş edip, aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem ýoga görkezilişi boldy. Dabaranyň ahyrynda myhmanlara hindi tagamlary hödür edildi.
Bütindünýä hindi güni her ýylyň 10-njy ýanwarynda bellenilýär. Hindi dili 600 milliondan gowrak adamyň gepleýän dili bolup, dünýäde iň köp ýaýran dilleriň arasynda öňdäki orunlary eýeleýär.