3-nji fewralda Dubaýda Bütindünýä hökümet sammiti öz işine başlady. 5-nji fewrala çenli dowam etjek halkara sammite 35 sany döwlet we Hökümet Baştutany, 150-den gowrak hökümet wekiliýeti we 6 müňden gowrak wekil gatnaşdy. Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS) guramaçylary 2026-njy ýylyň çäräniň taryhynda iň uly maksatly ýyl boljakdygyny mälim etdiler. Maslahatda emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşi, howanyň üýtgemegi hem-de ykdysady näbellilik meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň şygary “Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek”.
Sammitiň dowamynda emeli aň, bilim, mobillilik (hereketlilik), durnuklylyk we ykdysady durnuklylyk boýunça birnäçe ýokary derejeli forumlar geçirildi. Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde ilkinji gezek Dünýä laureatlarynyň sammiti geçirildi. Onda Nobel baýragynyň eýeleri we öňdebaryjy alymlar esasy syýasy çekişmelere gatnaşdylar.
Guramaçylaryň sözlerine görä, sammitiň maksady — diňe bir gürrüňler bilen çäklenmän, eýsem global ulgamlaryň dartgynly pursadynda syýasy işgärleriň we biznes liderleriniň bir ýere jemlenýän platformasyny döretmekdir.
– BAE-de esaslandyrylan we ählumumy gerime eýe bolan Bütindünýä hökümet sammiti, amaly çözgütleriň, täze ideýalaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň kemala gelýän global platformasyna öwrülmek baradaky ýolbaşçylaryň pähim-paýhasyndan ugur aldy – diýip, Ministrler Kabinetiniň işleri baradaky ministr we WGS-niň başlygy Muhammad Al Gergawi aýtdy.
Dünýä hökümet sammiti 2013-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär.