Her ýylyň 5-nji oktýabrynda Bütindünýä mugallymlar güni bellenilip geçilýär. 1966-njy ýylda Halkara zähmet guramasy (ILO) bilen ÝUNESKO tarapyndan mugallymlaryň hukuklary, jogapkärçiligi, okatmak, bilim bermek, ýokary hünäri ele almak we işe ýerleşmek ýaly şertler göz öňünde tutulyp, mugallymlaryň statusy baradaky düzgünnama kabul edilýär. Şeýlelik bilen, bu karara laýyklykda 1994-nji ýyldan başlap, Bütindünýä mugallymlar güni resmi taýdan bellenilip gelinýär.
Mugallymlar bilim ulgamynda, mekdeplerde we jemgyýetçilik ýerlerinde möhüm orny eýeleýärler. Pedagogika hünäriniň eýeleri çagalara bilim bermek bilen bir hatarda, olary terbiýeleýärler we durmuşa taýýarlaýarlar. Ýaşlaryň zehinini açmagyna hem-de belli bir hünäriň eýesi bolmagyna goldaw berýärler.
Bu ýyl Bütindünýä mugallymlar güni ilkinji gezek Afrika yklymynda, ýagny Efiopiýanyň paýtagty Addis-Abebada «Bilelikdäki hünär hökmünde okatmagy täzeden dikeltmek» atly şygar bilen geçiriler. ÝUNESKO-nyň, ÝUNISEF-iň, Halkara zähmet guramasynyň, Halkara bilim federasiýasynyň gatnaşmagynda mugallymçylyk hünäri bilen bagly çykyşlar ediler. Dabaranyň dowamynda birek-birege goldaw bermek, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly pikir alyşmalar hem-de amaly maslahatlar geçiriler. Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda bellenilýär.