Şu ýylyň 30-njy oktýabr 13-nji noýabry aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň 43-nji mejlisinde 15-nji dekabr “Bütindünýä Türki dili maşgalasynyň güni” diýlip yglan edildi. Bu barada 3-nji noýabrda geçirilen mejlisde karar kabul edildi. Şeýlelikde, şu gün ilkinji gezek bu sene bellenilýär. Bu sene indiden beýläk her ýylyň 15-nji dekabrynda bellener.
1893-nji ýylyň 15-nji dekabrynda türki halklaryň ilkinji ýazuwy hasaplanýan oguz-orhon ýazuwynyň elipbiýini ýüze çykaran daniýaly dilçi Wilgelm Tomsen Daniýanyň Patyşalyk Ylymlar akademiýasynyň ýygnagynda ony okamagyň usullary dogrusynda çykyş edýär. Bu senäniň 15-nji dekabrda bellenilmegi şonuň bilen baglanyşyklydyr.