Soňky ýyllarda köplenç howanyň maýlaýandygy, buzluklaryň ereýändigi baradaky habarlar peýda bolýar. Emma Aziýadaky Karakorum daglaryndaky buzluk meýdanynyň giňelendigi anyklandy. Hindistanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Owganystanyň çägindäki Lolofond, Teram Şehr we Siaçen atly buzluklar wagtyň geçmegi bilen birleşip, massasy artyp başlady. Bu täsin tebigy hadysa kosmosdan alnan suratlar arkaly anyklandy. Alymlar buzlugyň meýdanynyň giňemeginiň sebäbini entek anyklamadylar. Emma soňky ýyllarda sebitde tomsuň salkyn geçmeginiň we gyşyna köp gar ýagmagynyň muňa sebäp bolandygy çaklanylýar. Şeýle hem sebitde emele gelen tozan we gyrmança gatlagynyň buzluklary Gün şöhlesinden goraýandygy bellenilýär.