Hytaýyň BYD kompaniýasy aprel aýynda Ýewropada 7 müň 231 elektroulag satdy. Bu görkeziji elektroulag önümçiliginde şeýle ulaglaryň çykanyndan bäri öňdeligi eýeleýän “Tesla” kompaniýasynyňkydan ýokary boldy. Awtoulag senagatyna degişli maglumatlary taýýarlaýan “JATO Dynamics”-iň maglumatyna görä, BYD-nyň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarynyň satuwy Ýewropada geçen aý 169 göterim ýokarlanypdyr. Agzalan döwürde amerikan “Tesla” kompaniýasynyň elektroulaglarynyň satuwy 49 göterim azalyp, 7 müň 99-a düşüpdir. Şeýlelikde BYD 28 Ýewropa ýurdundan ilkinji gezek “Tesla”-dan öňe geçipdir. “Plug-in gibrid” (zarýad berip bolýan gibrid ulag) ulaglar hem goşulanda BYD-nyň satuwy 359 göterim ýokarlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, “Tesla” diňe elektroulag öndürýän bolsa, BYD adaty ýangyçly ulaglary hem öndürýär.
Beýleki tarapdan Ýewropada elektroulag satuwy artmagyna dowam etdirýär. Aprel aýynda şeýle ulaglaryň satuwy 28 göterim ýokarlanypdyr. Degişli döwürde Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasynyň elektroulag satuwy 61 göterim ýokarlanypdyr.