Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Giň gerimli özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alyp, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri türkmen halkynyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan asylly ýörelgelerindendir. Muňa delil bolýan mysallar taryhda-da, şu günki günde-de örän köp. Bu bolsa päk niýetiň, ýaşaýşy has gözelleşdirýän, adamlara şatlyk paýlaýan haýyrly amallaryň, jomartlygyň, jemgyýeti jebisleşdiriji sogap işleriň ýagşy ýörelgelere öwrülip, yzygiderli kämilleşdirilip gelendigini we türkmen halkynyň baý durmuş tejribesinde uly orna eýedigini görkezýär. Şunda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu babatda alyp barýan işleriniň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ynsanperwerligi esasy ýörelge edinýän bu gaznanyň döredilmegine 5 ýyl boldy. Muňa bagyşlanyp, ýurdumyzyň ähli welaýatlardyr şäherlerinde maslahatlardyr dabaraly çäreler geçirildi.
Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek jemgyýetçilik durmuşynda şeýle haýyr-sahawat işlerini döwlet derejesinde yzygiderli alyp barmak babatda ýörite gaznanyň döredilmeginiň we onuň alyp barýan işiniň baş maksady çagalara ýardam bermek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak boýunça maksatlaýyn, örän anyk maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, olaryň saglygy üçin ähli zerur zatlar bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Hususan-da lukmançylyk ugry we ýokary hilli bilimiň, sagdyn iýmitiň elýeterliligi, ekologiýa abadançylygy ýaly beýleki köp zatlardan ybaratdyr. Bu toplumlaýyn wezipedir. Haýyr-sahawat gaznasy şeýle belent wezipäni ýerine ýetirmekde ýolgörkeziji bolup durýar. Gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň gerimi her geçen ýyl has-da giňeýär. Ol indi halkara derejede hem haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary ilerledip, şolara esaslanýan asylly çäreleri durmuşa geçirýär. Netijede, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy, abadançylygy berkitmäge hem öz goşandyny goşýan düzüme öwrüldi. Diňe bir ýurdumyzyň çäginde bolman, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlaryndaky çagalara bu gaznanyň goldawy bilen berlen ynsanperwerlik kömeklerini muňa mysal edip görkezmek bolar.
Bu günki gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň esasy ugur edinýän ynsanperwerlik ýörelgesiniň milletimize ozaldan mahsus bolan asylly häsiýetleriň biridigine ünsi çekmek zerurdyr. Gaznanyň howandarlyk etmeginde bagtyýar çagalary bilime höweslendirmekde dürli bäsleşikler geçirilýär. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň giň gerimlidigini, sagdyn we döredijilikli röwşen geljegi nazarlaýan belent maksatlara gönükdirilendigini görkezýär.
Şular ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýan haýyr-sahawat gaznasy – ynsan ömrüniň manysy, ýaşaýşyň dowamat-dowamlygynyň nyşany bolan bagtyýar çagalarymyzyň geljeginiň rowaçlygydyr. Olar baradaky her bir alada, uly-kiçidigine garamazdan, bagtly geljegi gurmak ugrunda bitirilýän haýyrly hem sogaply işdir.
Mahym MÄMMETGULYÝEWA, Hojambaz etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy. Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi.
PDF









