Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda garaşsyz ýurdumyzyň bagtyýar nesillerini terbiýelemekde mekdebe çenli bilim edaralarynyň orny aýratyn uludyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda, sagdyn, bilimli hem-de ahlak taýdan kämil edip terbiýelemek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu möhüm wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde mekdebe çenli bilim edaralary, şol sanda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji çagalar bakja-bagy hem aýratyn orny eýeleýär.
Çagalar bakja-bagynda terbiýeçilik işi döwrebap pedagogik talaplara laýyklykda, döwlet tarapyndan tassyklanan bilim-terbiýe maksatnamalary esasynda alnyp barylýar. Terbiýeçi her bir çaganyň ýaş we psihologik aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, olaryň şahsy ukyp-başanyklarynyň açylmagyna, özbaşdak pikirlenmegine we döredijilikli ösmegine gönükdirilen işleri yzygiderli ýerine ýetirýär.
Bakja-bagynda geçirilýän sapaklar we gündelik çäreler çagalaryň akyl-paýhasyny ösdürmäge, sözleýiş medeniýetini baýlaşdyrmaga, matematik düşünjeleriň, daşky gurşaw baradaky başlangyç bilimleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şeýle-de oýun arkaly öwretmek usuly giňden ulanylyp, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesi ýokarlandyrylýar. Terbiýeçilik işinde milli terbiýä, halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn üns berilýär. Çagalarda ululara hormat goýmak, kiçilere mähirli bolmak, dostlukly gatnaşyk saklamak, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler kemala getirilýär. Döwlet baýramçylyklaryna, milli senelere bagyşlanan çäreler, sahnalaşdyrylan çykyşlar we döredijilik bäsleşikleri çagalaryň watançylyk duýgularynyň berkemegine hyzmat edýär.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak hem bakja-bagynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bedenterbiýe maşklary, herekete baý oýunlar, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi çagalaryň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilendir. Terbiýeçi çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen birlikde, olara arassaçylyk endiklerini öwretmäge hem aýratyn ähmiýet berýär. Ata-eneler bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegidir. Yzygiderli geçirilýän ýygnaklarda, maslahatlarda we bilelikdäki çärelerde çagalaryň terbiýesi boýunça özara düşünişmek üpjün edilýär.
Terbiýeçi öz zähmet ýolunda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny, psihologik häsiýetlerini çuňňur öwrenip, olara bilim we terbiýe bermegiň döwrebap usullaryny üstünlikli ulanýar. Onuň her bir sapagy, her bir terbiýeçilik çäresi çagalaryň akyl-paýhasyny ösdürmäge, özbaşdak pikirlenmegine, döredijilikli ösmegine gönükdirilendir. Terbiýeçi çagalaryň ahlak terbiýesine aýratyn ähmiýet berýär. Olarda watançylyk, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk, ululara hormat goýmak, tebigata söýgi bilen çemeleşmek ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmegi üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. Milli däp-dessurlara, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanan çäreler terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bölegidir.
Umuman, bakja-bagymyzda alnyp barylýan terbiýeçilik işleri ýaş nesliň sazlaşykly ösmegine, olaryň geljekde Watanymyzyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmegine ýardam berýär.
Gülnar ŞYHYÝEWA,
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 27-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
PDF









