Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýete, sungata belent sarpa goýulýar. Ýaş nesil milli medeniýete, sungata söýgi ruhunda terbiýelenip, olaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan çagalara kitaby söýdürmek babatda hem uly işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň golaýda paýtagtymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda gözel Aşgabadymyzda «Güneşli» atly çagalar we ýetginjekler merkeziniň hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň guruljakdygy barada aýdanlary her bir türkmen ojagyna toý buşlugynyň joşgunyny bagyş etdi. Bagtyýar nesillerimiziň iň bir söýgüli mekanlarynyň birine öwrüljek bu desgalaryň Çagalary goramagyň halkara gününde düýbüniň tutulmagy bolsa has-da täsirli boldy. Munuň özi bu Diýarda geljegiň görkanalygynyň şu günden üpjün edilýändigini dünýä ýüzüne jar etdi.
Golaýda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň haýyşy boýunça, abraýly halkara ýaryşda gazanylan pul baýragyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirilendiginden ählimiz habarlydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň haýyr-sahawat gaznasyna geçirilen bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelmegi sogaply işiň gymmatyny has-da artdyrdy.
Kitaphana kitaplaryň hazynasy. Kitaplar iň uly we taýsyz, ýerini başga bir zatlar çalşyp bilmejek gymmatlyklardandyr. Kitap bilen paýhasyň durlanýar. Kitap bilen köňül gözgiň tämizlenýär. Kitap bilen älem syry, ömrüň manysy açylýar. Kitap bilen öz halkyňa, adamzada has gowy düşünip bolýar. Kitap bilen ýollar ýagtylýar.
Çagalary kitaby söýdürmekde Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy uly işler bitirýär. Kitaphana çagalar edebiýatynyň milli gaznahanasy bolmak bilen bir hatarda, ýurdumyzdaky çagalar kitaphanalary we mekdep kitaphanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat edýär. Kitaphanada kataloglar ulgamy döredilýär, ýaş okyjylaryň okaýşyna ýolbaşçylyk etmegi gowulandyrmak maksady bilen köp çäreler amala aşyrylýar. Kitaphana görnüşi we maksatlaýyn işi boýunça çagalaryň hem-de ýetginjekleriň kitaba bolan isleglerini kanagatlandyrmak, neşir önümleriniň dürli görnüşlerine, şol sanda çagalar üçin taýýarlanylýan ylmyň dürli ugurlary boýunça çap edilen neşirlere, çeper edebiýata, döwürleýin metbugata bolan höwesini artdyrmak we olary okamaga çekmek babatdaky esasy işini guramaga täzeçe çemeleşmek işini amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlary we mekdep okuwçylary üçin döredýän şertleriniň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde möwsümleýin guralýan dynç alyş çärelerinde kitaphananyň hünärmenleri öz wezipesine girýän işleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Kitaphana çagalary we ýaşlary kitaphana çekmek işinde döwrebap usullary iş ýüzünde ornaşdyrmak, okyjylaryň isleglerini öwrenmek iş ugurlarynyň häzirki zaman görnüşlerini ulanmak babatda okyjylar bilen dürli medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegini, bu çäreleriň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde olaryň okyjy toparlarynyň aýratynlyklaryny nazara almak şerti bilen guramagy däbe öwürdi.
Oguldurdy ANNADÖWLETOWA,
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy.