Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler, we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi bilen bilelikde mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Çagalar parahatçylygyň wagyzçylary» atly döredijilik bäsleşigini geçirmegi meýilleşdirýär. Bäsleşigiň esasy maksady ýaşajyk zehinleri ýüze çykarmak we olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekden ybaratdyr. Geçiriljek bäsleşige gatnaşmak isleýän dalaşgärleriň arzasy, onuň ýanyna goşulýan resminamalary, bäsleşik üçin hödürlenilýän işleri 2025-nji ýylyň 15-nji noýabrna çenli hasaba alnar. Gyzyklanma bildirýän ýaşlary bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarys.