Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gurulýan çagalar bakja-baglarynyň daşky keşbi gözel tebigat bilen sazlaşýar. Körpejeler bu mekanda döredijilige bolan gyzyklanmany, bilim almagy, täzelikleri öwrenmegi ýüreklerine siňdirýärler. Körpeler günüň dowamynda gyzykly oýunlara güýmenýärler. Çagalar bakja-bagynda her topara niýetlenen oýun meýdançalarynyň bolmagy körpeleriň rahat dynç almagyna ýardam berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýurdumyzda çaga doglanyndan başlap, bilim-sowatly, belli bir hünäriň eýesi bolan kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin aladalar edilýär. Körpeje nesliň ilkinji arzuwy, ilkinji gülküsi, ilkinji pikirleri çagalar bakja-baglarynda kemala gelýär. Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän döwrebap çagalar baglary diňe bir terbiýäniň däl, eýsem, ruhubelentligiň, döredijiligiň mekanydyr.
Mähir bilen gurşalan çagalar ýurdumyzyň geljegidir. Ir bilen ene-atasynyň elinden tutup, ýylgyryp bagyň gapysyna tarap ylgaýan çagalaryň ýüreginde şeýle ojak bilen baglanyşykly ilkinji ýakymly ýatlamalar emele gelýär. Bu pursatlar diňe bir çagalyk döwrüne degişli däl, eýsem, tutuş ömrüň dowamynda ýürekde ýaşajak mukaddes duýgulardyr. Şeýle ýatlamalar diňe bir durmuş hakynda däl, eýsem, Watana bolan ilkinji buýsanjyň hem özenidir. Bu pursatlar olaryň durmuş ýoluna salynýan ilkinji nurly ýoldur. Her bir degişme, her bir oýun, her bir aýdylan aýdym olaryň ruhy ösüşine täsir edýär. Körpe nesliň bagtyýar geljegi üçin gurulýan çagalar baglaryndan başlap, çagalaryň hakydasynda mähirli, bagtyýar ýaş nesliň ösmegi üçin döredilýän ähli şertler döwletimiziň ýaş nesle goýýan ynamynyň aýdyň beýanydyr.
Çagalar baglarynda ýaş nesliň ösmegi, öwrenmegi hem-de döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döwrebap oýun meýdançalary, dürli enjamlar, döredijilik otaglary, bilim-öwrediş giňişlikleri olaryň her günki durmuşyna öwüşgin çaýýar. Çaga üçin oýun diňe bir wagt geçirmek üçin güýmenje däl, eýsem, dünýäni tanamagyň, birek-birek bilen gatnaşyk gurmagyň, aň-düşünjelerini giňeltmegiň ýoludyr. Oýunlaryň kömegi bilen olaryň duýgusy, düşünjesi, pikirlenişi kemala gelýär. Terbiýeçiler bolsa diňe bilim berýän adam däl, eýsem, olar çaga dünýäsine ynamdar ýolbeletdir. Olaryň her bir sözünde mähir, her bir hereketinde bolsa görelde bar. Olar ýaş nesliň ýüregine ýagtylyk çaýýan ýol görkezijilerdir.
Şeýle ojaklarda geçirilen günler çaga üçin baýramçylyk ýaly bolýar. Aýdym-saz bilen utgaşýan gün tertibi, oýnalýan oýunlar, okalýan kitaplar, çekilýän suratlar, öwrenilýän şygyrlar olaryň kalbynda uly täsir galdyrýar. Çagalaryň çeper döredijilik bilen döredýän şekilleri diňe reňklerden ybarat bolman, olaryň duýgusyny we arzuwlaryny beýan edýär.
Döwletiň üns-aladasy bilen gurulýan bu baglarda her gün çagalaryň kalbynda täze öwüşgin döreýär. Reňkli diwarly otaglarda, öwrediji oýunlaryň arasynda, şygyr we aýdym bilen baýlaşdyrylan gurşawda her bir çaga parahat durmuşyň, erkana ýaşamagyň, bagtyýar geljegiň öwüşginini duýýar. Olar özlerini öwrenýän, döredýän, täsir edýän, arzuw edýän adam hökmünde duýýarlar.
Olaryň döredýän suratlarynda geljegiň keşbi şekillenýär, aýdýan aýdymlarynda buýsanç we minnetdarlyk ýaňlanýar. Her bir hereketde, her bir pikirde Watana bolan söýgi şöhlelenýär. Her bir sözde geljege bolan ynam, beýik maksatlara bolan ynanjyň nyşany bar. Ine, şeýle mukaddes ýörelgeler esasynda gurlan çagalar baglary, diňe bir körpeleriň dünýäsine ýagtylyk çaýmak bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň erkana geljeginiň berk binýadyny hem pugtalandyrýar.
Çagalara we geljekki nesle şeýle giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulsona BOPPYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.