Oýnawaçlar çagalaryň akyl we fiziki endiklerini ösdürmäge mümkinçilik berýär. Körpejeler oýnawaçlaryna güýmenmek arkaly daş-töweregi öwrenýärler. Mysal üçin, haýwanlary sesinden we şekilinden tanamagy, sanamagy, ýazmagy, surat çekmegi, gysgajyk aýdymlary, saz çalmagy, inženerçilik hasaplamalary öwrenýärler. Mundan başga-da, oýnawaçlar çagalaryň hyýallarynyň ösmegine, ünsüniň güýçlenmegine, el-barmak endikleriniň kämilleşmegine, çözgüt tapmak, baş alyp çykmak endikleriniň ýokarlanmagyna, köpçülik bilen dil tapyşmaga, sabyrly, hoşamaý bolmaga, tebigata has ýakyn bolmaga mümkinçilik berýär.
Çagalar hemişe akyl we psihologik taýdan ösüşde bolansoňlar, oýnawaçlaryny, şahsy zatlaryny tertiplemegi bilmeýärler. Şeýle ýagdaýda ata-eneler çagalara oýnawaçlary tertipläp goýmagy, güýmenje esbaplaryny soňam oýnamalydygyny düşündirmeli. Otagy tertiplemek, oýnawaçlaryny ýerli-ýerine goýmak çagalar üçin içgysgynç bolup görünýär. Şol sebäpli körpejeler bilen oýun oýnaýan ýaly görnüşde oýunjaklaryny ýygnamagy endige öwürmeli. Oýunlar kim köp oýnawaç toplamak, oýnawaçlary kim çalt ýygnamak ýaly görnüşde bolup biler. Şeýle ýagdaýda çagalar oýnawaçlaryny has eý görüp, toparlap goýmaga düşüner. Soňra çagalara tertipli we bulam-bujar oýnawaçly otagda oýnamagyň tapawudyny düşündirmeli. Haýsy otagyň has owadan we gelşikli görünýändigini, haýsy otaga dostlaryny çagyrmak isleýändigini soramaly. Çagalar, elbetde, tertipli we oýnawaçlary ýerbe-ýer goýlan otagy saýlar.
Mundan başga-da, çagalardan bulam-bujar otagdan haýsydyr bir oýnawajy tapyp bermegini soramaly. Çaga otagy birnäçe wagtlap dörenden soň oýnawajyny tapar. Otagy tertipläniňizden soň, ýene-de şol oýnawajyny tapmagy soramaly. Çaga ýerbe-ýer duran güýmenje esbaplaryna seredip, ýaňky oýnawajy derrew tapyp berer. Çaga bulaşyk otagdan oýnawajyny tapmak üçin nähili kösenendigini düşündirip, otagy tertiplemegiň ähmiýetine ünsi çekmeli. Mundan başga-da, çagalara çalam-çaş oýnawaçly otagda oýnap ýörkä ýykylyp, şikes alyp biljekdigini düşündirmeli. Otagyny we oýnawaçlary tertipläp bolansoň, çagany hökman kemputmy ýa-da kökemi, haýsydyr bir eý görýän zady bilen sylaglamaly. Şeýle ýagdaýda çagalar her gün oýnawaçlaryny tertiplemegi endik ederler.
PDF









