Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamyna-da aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramak bilen bir hatarda, halkara gatnaşyklary berkitmek babatda alyp barýan işlerini hem bellemek gerek.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ilatyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny nazara alanyňda, bu ugurda alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigini bellemek gerek. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm orun degişlidir. Ýaş nesliň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly asylly işler paýhasly pederlerimiziň ynsanperwer däplerinden gözbaş alýar.
Şeýlelikde, ýurdumyzda lukman Arkadagymyzyň: «Sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaga bolmaz» diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, bu ugurdaky işler täze taryhy döwürde mazmun taýdan has-da baýlaşdyrylýar. Şol tagallalar eneleriň saglygyny berkitmäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny hem-de ösüşini gazanmak üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu bolsa sagdyn nesliň kemala gelmeginiň, çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginiň baş şertini emele getirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn we bagtyýar çagalaryň ösüp kemala gelmegi, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde Diýarymyzda çagalaryň ýokary hilli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin amatly şertler döredilýär.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, golaýda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen forumyň gün tertibine ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň zehinlerini açyp görkezmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň dünýäde ýokary derejede geçirilýän forumlarda döwletara gatnaşyklara ynsanperwer häsiýet bermäge gönükdirilen başlangyçlar we teklipler bilen yzygiderli çykyş edýändigini hem-de adam hakynda aladanyň, raýdaşlyga, özara goldaw bermäge gönükdirilen şeýle çemeleşmäniň halkara ynsanperwer işlerde möhüm ölçeg we esas bolmalydygyny, Türkmenistanyň muňa doly ynanýandygyny belledi.
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Monako Knýazlygynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda köp sanly duşuşyklar geçirildi. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda, parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasynda dost-doganlyk ýörelgelerini ösdürmek meselelerine garaldy. Birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda geçen duşuşyklarda sportuň ähli görnüşleriniň dünýäde parahatçylygy we hoşniýetli gatnaşyklary berkitmegiň möhüm guraly hökmünde kabul edilýändigi nygtaldy.
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.