Ginnesiň rekordlar kitabyna giren russiýaly Anatoliý Konenko diňe ulaldyjy aýnanyň kömegi arkaly synlap bolýan kindiwanja sungat eserlerini döredýär. Ýurduň Omsk oblastyndan bolan ussat golaýda bir millimetre golaý göwrümdäki gar adam ýasap, ony saç gylynyň üstünde ýerleşdirdi diýip, rg.ru habar berýär. Ussat gar adamyň içi gysmaz ýaly, onuň ýanynda gülälek dänejiginiň üstünde oturdylan täze ýyl arçasyny ýerleşdirdi.
Täsin ýeri, syrçadan ýasalan, reňklenen, gyzyl şarfly we başgaply gar adam elinde millimetrden hem kiçi bolan sübsäni saklap dur. Olary ýasamak üçin omskly ussat mikroskopdan we ýörite gurallardan peýdalandy.
Ussadyň toplumynda şeýle-de ýanýan yşykly 18 millimetrlik arça bar. “Bezeg yşyklary hakyky ýaly elektrik togundan güýç alýar. Özlerem näçe wagt isledigiňçe ýanýarlar” diýip, Konenko gürrüň berýär.
Konenkonyň ýasan kindiwanja sungat işleriniň hatarynda göwrümi 0,9×0,9 mm bolan A.Çehowyň “Hameleon” atly kitaby, skripka çalýan çekirtge, iňňäniň gözündäki düýe kerweni, aýagyna nal kakylan büre hem bar.