Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň – Gyrgyzystanyň dünýä brendine öwrülen iň buýsançly hem-de giň gerimli taslamasynyň resmi tanyşdyrylyş roligi çap edildi diýip, “kabar.kg” habar berdi.
Bu ýyl 31-nji awgustdan 6-njy sentýabra çenli dowam etjek Çarwadarlaryň oýunlary çarwa medeniýetiniň hem-de gaýtalanmajak sport ruhunyň birligini we beýikligini nobatdaky gezek şöhratlandyrar. Gyrgyzystanlylaryň kalbyny joşa getiren wideorolik Çarwadarlaryň oýunlarynyň gerimini we myhmansöýer gyrgyz halkynyň milli aýratynlyklaryny görkezýär.
Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy gyrgyz paýtagtynyň «Bişkek Arena» stadionynda geçer, ol ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gabat gelýär. Bu baýramçylyga 90-dan gowrak ýurtdan 3 müňden gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Oýunlaryň maksatnamasy etnosportuň 43 görnüşini özünde jemleýär. Şeýle hem onuň çäklerinde medeni we ylmy çäreler geçiriler. Oýunlaryň şygary «Güýjün birligi! Ruhuň birligi!» diýlip yglan edildi.
Esasy Dünýä täzelikleri Çarwadarlaryň VI bütindünýä oýunlarynyň resmi tanyşdyrylyş roligi çap edildi
PDF









