Marokkoda geçirilýän 35-nji Afrika Milletler Kubogy ýaryşynda 1/8 finalyň oýunlary tamamlanyp, çärýek finala çykan toparlar belli boldy. Faworit 8 toparyň 7-si çärýek finala çykyp, diňe Maliniň Tunisi ýaryşdan çykarmagyna garaşylanokdy.

Senegalyň ýygyndysy Sudanyň ýygyndysyny 3-1 hasabynda ýeňip, 12-nji gezek çärýek finala adyny ýazdyrdy. Duşuşykda Sudanyň ýygyndysy Abdallahyň 6-njy minutdaky goly bilen hasaby açsa-da, Senegalyň milli topary Pepe Geýeniň gollary esasynda arakesmä öňde çykdylar. Duşuşygyň 77-nji minutynda Mbaýe oýna soňky nokady goýdy.  Toparçadaky ähli duşuşygyny deňlikde tamamlap, 1/8 finala çykan Maliniň ýygyndysy Kasablankada Tunisiň ýygyndysy bilen duşuşdy. Oýnuň 26-njy minutynda Maliden Woýo Kulibali gyzyl kart aldy. Duşuşygyň 88-nji minutynda Tunisiň ýygyndysy Şauatyň goly esasynda öňe saýlandy. Ýöne 90+6-njy minut eminiň bellän penaltisini dürs uran Sinaýoko hasaby deňledi. Goşmaça wagtda-da hasap üýtgemänsoň, 11 metrlik jerime urgularynda 3-2 hasabynda üstün çykan Maliniň ýygyndysy 8-nji gezek çärýek finalda oýnar. Maliniň ýygyndysy edil EURO 2016-da Portugaliýanyň ýygyndysy ýaly 4 duşuşygyny hem deňme-deň oýnap, çärýek finala çykmagy başardy. Olar mundan öňki 8 çärýek finalyň 6-synda ýeňiş gazanyp, ýarym finala adyny ýazdyrypdy.

Ýer eýeleri Marokkonyň ýygyndysy Tanzaniýanyň milli toparyny 1-0 hasabynda ýeňip, oýunda ýene-de Brahim Diaz tapawutlandy. Real Madridiň futbolçysy bassyr 4 oýunda gol geçirip,

Günorta Afrika bilen Kamerunyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda olaryň ikinjisi 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Kamerunyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary Tçamadeu bilen Kofane geçirdi. GAR-yň ýygyndysyndan Makgopanyň 88-nji minutdaky goly ýeňşe ýetmedi.

Bu kubogy iň köp gazanan Müsüriň ýygyndysyna Beniniň milli toparyny ýeňmek ýeňil düşmedi. Attia bilen Dossunyň garşylyklaýyn gollary esasynda 90 minut deňlikde tamamlandy. Goşmaça wagtda has erjel oýun görkezen Müsüriň milli topary Ibrahim hem-de Salahyň gollary esasynda 3-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Müsüriň ýygyndysy 21-nji gezek çärýek finalda oýnar.

Çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden Nigeriýanyň milli toparyna çärýek finala çykmak kyn düşmedi. Fez şäherinde geçirilen oýunda Mozambigiň ýygyndysyny 4-0 hasabynda ýeňen Nigeriýanyň milli toparynyň gollaryny Lukman, Osimhen hem-de Adams geçirdi.

Dünýä Kubogy 2026-a wekilçilik etjek 2 ýygyndynyň arasyndaky oýunda Alžiriň milli topary Kongo DR-niň ýygyndysyny goşmaça 30 minutyň iň soňky minutlarynda, has takygy, 119-njy minutda Bulbinanyň geçiren goly esasynda ýeňdi.

Kot-d’Iwuar bilen Burkina Fasonyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda-da soňky çempion ýeňillik bilen ýeňiş gazandy. 3-0 hasabynda üstün çykan Kot-d’Iwuaryň gollaryny Diallo, Diomande hem-de Ture geçirdi.

Çärýek finalda Mali bilen Senegalyň ýygyndylary duşuşsa, ýer eýeleri Marokkonyň bäsdeşi Kamerunyň milli topary bolar. Bu iki duşuşyk 9-njy ýanwarda oýnalar. 10-njy ýanwarda geçiriljek duşuşyklar bolsa 4 güýçli ýygyndynyň arasynda bolup, Alžir bilen Nigeriýanyň, Müsür bilenem Kot-d’Iwuaryň milli toparlary özara güýç synanyşar.

Ýeňiş gazanan toparlar 14-nji ýanwarda ýarym finalda duşuşarlar.

 

Senegal – Sudan: 3-1 (Pape Geýe 29, 45+3, Mbaýe 77 – Abdallah 6)

Mali – Tunis: 1-1, 3-2 p (Sinaýoko 90+6 p – Şauat 88)

Marokko – Tanzaniýa: 1-0 (Brahim Diaz 64)

Günorta Afrika – Kamerun: 1-2 (Makgopa 88 – Tçamadeu 34, Kofane 47)

Müsür – Benin: 3-1 g.w. (Attia 69, Ibrahim 97, Salah 120+4 – Dossu 83)

Nigeriýa – Mozambik: 4-0 (Lukman 20, Osimhen 25, 47, Adams 75)

Alžir – Kongo DR: 1-0 (Bulbina 119)

Kot-d’Iwuar – Burkina Faso: 3-0 (Diallo 20, Diomande 32, Ture 87)

 

 

9-njy ýanwar

Mali – Senegal (21:00)

Kamerun – Marokko (00:00)

10-njy ýanwar

Alžir – Nigeriýa (21:00)

Müsür – Kot-d’Iwuar (00:00)