Adamzat taryhyna ser salanyňda, iýmit diňe bir ýaşaýyş üçin zerurlyk bolman, eýsem, dürli iýmitleniş düzgünlerini we däplerini hem kemala getiripdir. Häzirki wagtda adaty zat ýaly hasaplanylýan çemçe, pyçak we çarşak üçlügi emele getirýänçä, ýagny saçaga bilelikde goýulýança birnäçe taryhy döwri başdan geçiripdir. Gap-gaçlaryň peýda bolmagy adamlaryň iýmitleniş endiklerini üýtgetmegine täsir edipdir. Daş asyrynda ilkidurmuş adamlary miwe ýygnap, awçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Iýmiti daş ýa-da süňk bilen owradyp, eli bilen iýipdirler. Iýmit tutuşlygyna közde bişirilýändigi sebäpli, gap-gaja we çemçä zerurlyk hem duýulmandyr. Oturymly durmuşa geçilip, ekerançylygyň ösmegi bilen suwuk naharlar hem taýýarlanylyp başlanypdyr. Şeýlelikde, aşhana guralynyň täze görnüşine zerurlyk duýlupdyr. Eýsem, naharlanmagyň häzirki zaman görnüşi haçan ýüze çykdyka?
Çemçe stolda peýda bolan ilkinji aşhana guralydyr. Daş asyrynda adamlar agaçdan, süňkden we haýwanlaryň şahyndan ilkinji çemçäni ýasapdyrlar. Irki döwürlerde Gadymy Müsürde çemçeler diňe nahar iýmek üçin däl, eýsem, lukmançylyk maksatlary we kosmetik önümlerini ulanmak üçin hem peýdalanylypdyr. Müsür çemçeleri piliň süňkünden, bürünçden we agaçdan ýasalypdyr. Wagtyň geçmegi bilen Müsür çemçeleri Rime, Ýewropa we Hytaýdan Orta Gündogara çenli ähli ýere ýaýraýar hem-de naharlanmak üçin aýratyn gurala öwrülýär.
Pyçak oýlanyp tapylyşy boýunça çemçeden has gadymy bolsa-da, ilkibaşda bu gural aw we goranmak maksadynda ulanylýar. Adamlar haýsydyr bir zady kesmek üçin çakmak daşyndan pyçak ýasapdyrlar. Soňlugy bilen bürünçden we demirden ýasalyp başlan bu gural kämilleşdirilip, häzirki görnüşine getirilipdir. Orta asyrlarda erkek kişiler stoluň başyna gelende, ýany bilen pyçak getiripdirler. Bişirilen uly bölek eti pyçagy bilen kesip iýipdirler. XVI – XVII asyrlarda stolda oturyp naharlanmak medeniýetiniň ösmegi bilen ýiti uçly pyçaklar ulanyşdan galyp, tegelek uçly kiçijik pyçaklar peýda bolupdyr. Indi pyçak goranmak üçin däl-de, medeniýetli naharlanmak üçin ulanylyp başlanypdyr.
Çarşak üç guralyň iň soňkusydyr. Gadymy Gresiýada çarşaga meňzeş gurallar et paýlamak üçin ulanylan hem bolsa, naharlanmak üçin XI asyrda Wizantiýa köşgünde peýda bolupdyr.
Medeniýetiň we senagatyň ösmegi bilen 1800-nji ýyllarda Beýik Britaniýada nahar stolunda çemçe, pyçak we çarşak üçlügi peýda bolýar. Bir toplum hökmünde görülýän bu gurallar nahar iýmegi aňsatlaşdyryp, medeniýetliligiň täze nusgasyny emele getirdi. Adatça, çarşak bilen pyçak bilelikde ulanylýan gural bolup, pyçak sag elde, çarşak bolsa çep elde tutulýar. Pyçagyň zerurlygy bolmadyk iýmitlerde çarşak sag elde hem ulanylyp bilinýär.
PDF









