Formula 1 boýunça möwsümiň 16-njy ýaryşy Italiýanyň Monza şäherinde geçirildi. 53 aýlawdan ybarat bolan bäsleşikde “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiji boldy. Ol ýaryşy 1 sagat 13 minut 24,325 sekuntda tamamlap, 8 ýaryşdan soň ýeňiş gazandy. Bu onuň şu möwsümdäki 3-nji, umumylykda-da 66-njy ýeňşi boldy. 2-3-nji orunlary “McLaren” toparynyň sürüjileri paýlaşyp, britaniýaly Lando Norris ýeňijiden 19,207 sekunt, awstraliýaly Oskar Piastri bolsa 21,351 sekunt yza galdy. “Ferrari” toparyndan monakoly Şarl Lekleriň 4-nji bolan sanawynda “Mercedes” toparynyň britan piloty Jorj Rassell 5-nji, “Ferrari” toparynyň beýleki sürüjisi, britaniýaly Lýuwis Hamilton 6-njy orny eýeledi.
Geçirilen bu ýaryşdan soň sürüjileriň sanawynda Piastriniň 324 utuk bilen liderligi dowam edýär. 2-nji ýerdäki Norrisiň 293, 3-nji orundaky Werstappeniň 230 utugy bar.
Möwsümiň 17-nji ýaryşy 21-nji sentýabrda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriler.