Bu kubogy iň köp eýelän “Real Madrid ýene bir ýola Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen duşuşar. Iki topar mundan öň 15 gezek gabatlaşypdylar we hersiniň 5 ýeňşi bar.

Bijä laýyklykda kubogyň soňky eýesi PSŽ topary “Çelsi” bilen duşuşar.

Pleý-offda “Ýuwentusy” ýaryşdan çykaran “Galatasaraý toparynyň bijesine “Liwerpul” kluby düşdi. 2 topar liga tapgyrynda-da gabatlaşypdy we türk kluby 1-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Ýaryşdaky ýeke-täk italýan wekili “Atalanta” çempionlygyň esasy dalaşgärleriniň biri bolan “Bawariýa” bilen bije çekişdi. Bu olaryň arasyndaky ilkinji 2 duşuşyk bolar.

Madridiň “Atletikosy” hem iňlis kluby “Tottenham” bilen çärýek finala çykmak üçin göreşer.

1/8 finalyň garaşylmadyk topary, pleý-offda geçen möwsümiň finalçysy “Interden” 2 oýunda-da üstün çykan “Bude-Glimt” toparynyň indiki garşydaşy Portugaliýanyň “Sporting” topary boldy.

“Nýukaslyň” garşydaşy “Barselona” bolup, iki klub liga tapgyrynda-da duşuşypdy we şol oýun katalonlaryň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

“Baýer” topary liga tapgyryny ýeke utuk hem ýitirmän tamamlan “Arsenal” bilen güýç synanyşar.

1/8 finalyň 1-nji oýunlary 10-11-nji martda, jogap duşuşyklary bolsa 17-18-nji martda geçiriler.

 

 

1/8 finaly bijeleri

Pari Sen-Žermen – Çelsi

Galatasaraý – Liwerpul

Real Madrid – Mançester Siti

Atalanta – Bawariýa

Nýukasl – Barselona

Atletiko – Tottenham

Bude-Glimt – Sporting

Baýer – Arsenal