Çiliniň Prezidenti Gabriel Boriç öz ýurdunyň Braziliýa we Meksika bilen birlikde, öňki Prezident Mişel Baçeledi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine hödürländigini habar berdi.
Boriç Braziliýanyň lideri Luis Inasio Lulu da Silwa hem-de Meksikanyň Prezidenti Klaudiýa Şeýnbauma Baçeleti goldamakdaky ýardamy we ynamy üçin hoşallyk bildirip: “Bu döwrüň beýik çagyryşlary üçin çözgütleri işläp düzmekde Latyn Amerikasynyň hem-de Karib deňzi basseýniniň öz sesini aýtmagyna mümkinçilik berer” diýdi.
Braziliýanyň lideri Lulu da Silwa hem Baçeleti goldaýandygyny sosial torda beýan edip, Milletler Bileleşigine zenanyň ýolbaşçylyk etmegi üçin wagtyň gelendigini nygtady. Ol öz döwründe goranmak we saglygy goraýyş ministri bolup işlän, Çilini dolandyran ilkinji zenan bolan Baçeletiň syýasy karýerasyna täzelikçi çemeleşmäniň mahsusdygyny belledi. Lula şeýle-de Baçeletiň “BMG-zenanlar” (UN Women) düzüm birligini döretmekde we ýola goýmakda, BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary hökmünde bitiren hyzmatlaryny ýatlady.