15-nji dekabrda Çilide geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda aşa sagçy Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Hose Antonio Kast ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Saýlaw gullugy habar berdi.
Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda sesleriň 99,33 göterimi sanalandan soň, H.A. Kast sesleriň 58,18 göterimine eýe boldy. Onuň bäsdeşi, häkimiýet başyndaky merkezi-çep bileleşiginiň wekili Žanet Hara 41,82 göterim ses aldy. Ses bermäge 15 milliondan gowrak bellige alnan saýlawçy gatnaşdy.
Ž. Hara jemgyýetçilik torlarynda ýeňilendigini boýun aldy we H.A. Kasty ýeňşi bilen gutlady. Häzirki Prezident Gabriel Boriç hem öz gutlaglaryny iberdi.
59 ýaşly H.A. Kast 2026-njy ýylyň 11-nji martynda Prezident wezipesine girişer. Saýlaw kampaniýasy döwründe ol jemgyýetçilik howpsuzlygyna we serhet gözegçiligini güýçlendirmäge aýratyn üns berjekdigini wada berdi.
16-njy noýabrda geçirilen birinji tapgyrda hiç bir dalaşgär 50 göterimden köp ses alyp bilmändi. Şeýlelikde, Ž. Hara we H.A. Kast, degişlilikde, sesleriň 26,85 göterimini we 23,92 göterimini alyp, ikinji tapgyra çykmaga hukuk gazanypdylar.
Çili Günorta Amerikanyň günorta-günbatar kenarynda ýerleşýän, çäkleri inçeden uzaboýuna gidýän bir döwletdir. Ýurduň uzynlygy takmynan 4,300 kilometr töweregi bolup, Atlantik ummanyndan Ýuwaş ummanyna çenli uzalyp gidýär. Ýurduň paýtagty Santýago, resmi dili Ispança. Soňky maglumatlara görä, ýurduň ilaty, takmynan, 20 million töweregidir.
PDF









