Çipleriň satuwy 2020-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ilkinji gezek pese gaçdy. Sentýabr aýynda çipleriň dünýä satuwlary 3%-e deň bolup, geçen ýylyň şol aýyndaky 48,48 milliard dollar bilen deňeşdirilende, 47 milliard dollara çenli pese gaçdy. Bu barada Ýarymgeçirijiler senagatynyň birleşiginiň (Semiconductor Industry Association, SIA) metbugat üçin beýanatynda aýdylýar.

Söwdalar şu ýylyň awgust aýyndakydan 0,5%-den (47,24 milliard dollardan) pese gaçdy.

-2022-nji ýylyň birinji ýarymynda güýçli ösüşden soň, global çip satuwy soňky aýlarda haýallap, 2020-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ilkinji gezek geçen ýylyň sentýabr aýynda azaldy. Şeýle-de bolsa, ýarymgeçirijileriň sanly ykdysadyýetimiziň has möhüm bölegine öwrülmegi sebäpli uzak möhletleýin bazar perspektiwasy güýçli bolmagynda galýar – diýip, Ýarymgeçiriji senagat birleşiginiň prezidenti we baş direktory Jon Nýufer belledi.

Şunda mikroprosessorlaryň söwdalary Demirgazyk we Günorta Amerikada geçen ýylyň degişli aýyndakydan 11,5% artdy, Ýewropada 12,4% hem-de Ýaponiýada 5,6% ösüş görkezdi. Şol bir wagtda söwdalar Hytaýda 14,4% we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde hem-de beýleki sebitlerde 7,7% pese gaçdy.

Çipleriň satuwy Demirgazyk we Günorta Amerikada awgust bilen deňeşdirilende, 4,8%, Ýewropada – Ýaponiýada 0,1% – 0,5% ýokarlandy. Bu aralykda, HHR-de bu görkeziji 3%, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde we beýleki sebitlerde – 2,9% aşaklady.

Ýarymgeçiriji senagat birleşigi amerikaly ýarymgeçirijileri öndürijileriň 99%-ine hem-de beýleki ýurtlardan bolan öndürijileriň 66%-e golaýyna wekilçilik edýär.