“Coca-Cola” kompaniýasynyň baş direktory Jeýms Kuinsi wezipesinden çekilýär we onuň ýerine geljek ýylyň mart aýynyň ahyrynda baş operasiýa direktory Enrike Braun geler. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.
60 ýaşly Kuinsi 1996-njy ýylda kompaniýada işe başlady, 2017-nji ýylda baş direktor we 2019-njy ýylda bolsa, direktorlar geňeşiniň başlygy boldy. Ol baş direktor wezipesinden çekilenden soň, ýerine ýetiriji başlyk wezipesini ýerine ýetirer.
“Bloomberg” agentliginiň habaryna görä, onuň ýolbaşçylygynda “Coca-Cola”-nyň paýnamalary 60 göterimden gowrak ýokarlandy. “Coca-Cola” öz önümleriniň görnüşlerini giňeltmekde üstünlik gazandy. Kompaniýa gazly içgilerden başga-da, kofe, sport içgileri we “Fairlife” ultra süzgüçli süýt ýaly täze içgileri öndürip başlady.
“Kuinsi kompaniýanyň strategiýasyny we iş modelini has çeýe we torlaýyn etmek üçin özgertdi” diýip, “Coca-Cola” kompaniýasynyň metbugat gullugynda bellediler. Baş direktor COVID-19 pandemiýasy döwründe kompaniýa ýolbaşçylyk eden mahaly sanly özgertmelere we marketingiň döwrebaplaşdyrylmagyna hem üns berdi.
Braun 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýerine ýetiriji wise-prezident we baş operasiýa direktory, 2024-nji ýyldan bäri bolsa ýerine ýetiriji wise-prezident wezipelerini eýeläp gelýär. Kuinsi ýaly, ol hem “Coca-Cola” kompaniýasynda 1996-njy ýylda işläp başlady.
PDF









