Müsüriň häkimiýetleri çölde Jirian atly täze şäher gurmak boýunça meýilnamasyny mälim etdi. Ady agzalan şäher Kairden 42 kilometr günbatarda, 6,8 million inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyrylar.
Jirian meýdany 9,226,83 indedördül kilometr bolan has uly “Täze delta” oba hojalyk taslamasynyň bir bölegidir. Bu zolagy suwarmak üçin her gün ol ýere Nilden, takmynan, 10 million kub metr suw goýberiler, bu ýurduň ýyllyk suw kwotasynyň, takmynan, 7 göterimini emele getirýär. Bu taslama aýna fasadly kaşaň jaýlaryň, şeýle-de täjirçilik zolaklarynyň, gämi duralgasynyň we erkin ykdysady zolagyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.
Müsüriň Premýer-ministri Mustafa Madbuli döwletiň “suw ýetmezçiliginiň, energetika meseleleriniň we ykdysady meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe ýeriň bahasyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin adaty däl we innowasion çemeleşmeleri ulanmaga tagalla edýändigini” aýtdy.